Turkmenportal logo
16.04.26
2388323883
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Näçe ýaşajagyňyz geniňize bagly: täze barlaglar uzak ýaşamak baradaky düşünjäni üýtgedýär

Näçe ýaşajagyňyz geniňize bagly: täze barlaglar uzak ýaşamak baradaky düşünjäni üýtgedýär

Adama ýaşamak üçin, adatça, näçe ýyllyk ömür berlendigi alymlary ýüzlerçe ýyl bäri gyzyklandyryp gelýän sowaldyr. Şunda uzak döwürleriň dowamynda ynsan ömrüni DNK däl-de, durmuş ýörelgesiniň, iýmitlenişiniň, ekologiýa we şowlulyk ýagdaýlarynyň kesgitleýändigine ynanylyp gelindi. Muňa garamazdan, Ysraýylyň Weýsman institutynyň 2026-njy ýylyň ýanwarynda abraýly «Science» ylmy žurnalynda çap edilen täze barlaglary bu mesele babatdaky düşünjäni düýpgöter üýtgedýär.

Öňki maglumatlar we täzeçil garaýyş

Onýyllyklaryň dowamynda alymlar genetiki taýdan nesilden-nesle geçmäniň ömür dowamlylygyndaky ornuny takmynan 20 — 25% diýip bahalandyrýardylar. Soňky ýyllarda geçirilen käbir giň gerimli barlaglar millionlarça şejere daragtlarynyň seljermesine esaslanyp, bu görkezijini hatda 10% ýa-da şondan hem az derejä çenli azaltdy. Şeýle maglumatlar genetikanyň garramagy öwrenmek üçin gural hökmünde ulanylmagyna şübhe döretdi: eger onuň täsiri şeýle az bolsa, onda uzak ömrüň syryny genden gözlemek nämä derkar?

Weýsman institutynyň molekulýar öýjük biologiýasy bölüminiň professory Uri Alonyň ýolbaşçylygyndaky toparyň täze işi bu netijeleri sorag astyna alýar. Gözleglere görä, genetiki tapawutlar adamlaryň ömür dowamlylygynyň üýtgemeleriniň takmynan 50%-ni kesgitleýär diýip düşündirýär. Bu bolsa öň pikir edilýänine garanyňda, azyndan iki esse köpdür.

Näme üçin ozalky çaklamalara kemter garalýar?

Ozalky çaklamalary öňe sürenleriň ýalňyşlygynyň esasy sebäbi — «daşarky ölüm» diýilýän düşünjedir (extrinsic mortality). XIX we XX asyrlarda ekizlerde geçirilen barlaglarda ulanylan köne maglumat gorlarynda ölümiň sebäpleri hasaba alynmandyr. Bu bolsa ýokanç kesellerden, heläkçiliklerden, uruşlardan we biologiki garramaga degişli bolmadyk beýleki daşarky faktorlar esasynda aradan çykan adamlaryň ölümleriniň hem hasaplamalara goşulandygyny aňladýar.

Iki sany birmeňzeş ekizleri göz öňüne getiriň: olaryň biri 90 ýaşynda tapdan düşüp, beýlekisi bolsa 30 ýaşynda mergi keseli zerarly aradan çykýar. Nusgawy statistik seljerme bu tapawudy gowşak genetiki täsiriň subutnamasy hökmünde düşündirýärdi. Emma aslynda bolsa bu hiç zady subut etmeýär. «Öwrenilen ekizleriň ýaşaýan döwründe daşarky ölümiň derejesi häzirkiden 10 esse ýokary bolupdy. Adamlar şol mahallar, esasan, häzirki wagtda aňsat bejerip bolýan ýokanç keseller zerarly ýogalypdyrlar» diýip, barlagyň esasy awtory, aspirant Ben Şenhar düşündirýär.

Weýsman institutynyň alymlar topary maglumatlardan garramak bilen baglanyşykly bolmadyk ölümleri matematiki taýdan aýyrmaga mümkinçilik berýän täze analitiki modeli işläp düzdi. Barlag geçirijiler Şwesiýadan we Daniýadan üç sany uly ekizler düzüminiň sanawyny seljerdiler we oňa ilkinji gezek dürli maşgalalarda terbiýelenen ekizler baradaky maglumatlary goşdular. Esasy ýeri: aýrybaşgalaşdyrylan ekizleriň genetiki kody birmeňzeş, ýöne dürli gurşawlary bolup, bu bolsa tebigatyň we terbiýelemegiň täsirini has aýdyň bölmäge mümkinçilik berýär.

Netijeler näme diýýär?

Gysgaça aýdylanda, alymlar adamyň ömrüni kesgitleýän dürli faktorlaryň takmynan ýarysyny genetikanyň düzýändigini anykladylar. Beýleki ýarysy bolsa galan ähli zadyň: ýaşaýyş durmuşynyň, iýmitlenmegiň, daşky gurşawyň, lukmançylyk kömeginiň we iň esasy zat, tötänligiň utgaşmasydyr.

«Biz uzak ömrüň faktorlaryny genetika we «beýleki ähli zatlar» diýen iki topara bölmäge synanyşdyk. «Beýleki ähli zatlar» diýýänimiz uzak ýaşamagyň, takmynan, 50%-ni düzýär» diýip, Ben Şenhar belleýär. Başgaça aýdylanda, determinizm hem, doly derejeli erk hem däl-de — hakykat olaryň aralygynda bir ýerde ýerleşýär.

Bu barlaglar hatda gündelik durmuşda hemmeleriň duşýan ýagdaýlary bilen hem gabat gelýär. «Biz keseli ýa-da saglyk meselesi bolmazdan 100 ýaşa çenli ýaşaýan adamlary tanaýarys. Olaryň käbiri hatda çilim çekip, erbet iýmitlenseler-de, uzak ýaşap bilýärler. Elbetde, olaryň nähilidir bir gorag genleri bardyr» diýip, Şenhar aýdýar.

Ylymdaky we lukmançylykdaky ähmiýeti

Nesilden-nesle geçme baradaky bu täzeçil garaýyş ylmy jemgyýetçiligiň öňdebaryjy gazananlaryna hem uly täsirini ýetirýär. Eger genetiki täsir hakykatdan hem uzak ýaşamagyň 50% töweregini düzýän bolsa, bu uzak ömür bilen baglanyşykly belli bir gen görnüşlerini gözlemekligiň hem gymmatyny ep-esli artdyrýar.

«Eger nesilden-nesle geçme, biziň görkezişimiz ýaly, ýokary bolsa, bu garramanyň biologiýasyna düşünmek we belki-de oňa terapewtiki taýdan täsir etmek maksady bilen, ömri uzaldýan gen görnüşlerini gözlemek üçin höweslendirme döredýär» diýip, Şenhar nygtaýar. Ol genetikada gizlenen syrlaryň bir gün garrama garşy dermanlary işläp düzmäge kömek edip biljekdigini hem belleýär.

«Science» žurnalynyň şol sanynda bu iş barada seljerme teswirini çap eden Kopengagen uniwersitetinden daniýaly alymlar täze maglumatlaryň «garrama degişli barlaglar üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny» we onuň uzak ýaşamagyň giň möçberli genetiki barlaglary üçin delilleri örän pugtalandyrýandygyny belleýärler.

Möhüm duýduryşlar

Barlagyň awtorlary bu ugurdaky täze netijeleri düşündirmekde seresaply bolmaga çagyrýarlar. Birinjiden, maglumatlar, esasan, skandinaw we Ýewropa ýurtlarynyň ilatyndan alyndy, şonuň üçin netijeleriň beýleki etniki toparlara degişli boljagy ýa bolmajagy heniz anyk däldir. Ikinjiden, «nesilden-nesle geçijilik» düşünjesi statistikidir: ol her bir adam üçin berk biologik kesgitleme bolman, belli bir şertlerdäki belli bir ilatyň durmuşyna degişlidir. «Nesilden-nesle geçme belli bir wagtda belli bir gurşawda belli bir ilata degişli bolan statistikadyr» diýip, barlaglary geçiren alymlar aýdyň düşündirýärler.

Başgaça aýdylanda, ilat ýaýrawynyň derejesinde ömür dowamlylygynyň üýtgemeleriniň takmynan ýarysyny genleriň düzýändigi baradaky garaýyş her bir adamyň ykbalynyň öňünden kesgitlenendigini hem aňlatmaýar. Ynsanyň uzak ömür sürmeginde sagdyn durmuş ýörelgesi, lukmançylyk barlaglaryny öz wagtynda almak hem-de oňaýly gurşawda ýaşamak iň möhüm ähmiýete eýe bolmagynda galýar.

Netije

Weýsman institutynyň geçiren barlagy sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini inkär etmeýär-de, bu meselä bolan ylmy düşünişi düýpli üýtgedýär. Görnüşi ýaly, metodologiki çäklendirmeler sebäpli, genetikanyň ornunyň öňki bahalandyrylmalary ulgamlaýyn pes derejede eken. Indi bu çäklendirmeler aradan aýrylandan soň, alymlar üçin täze mümkinçilikler açylýar: uzak ömür bilen baglanyşykly belli bir gen görnüşlerini gözlemek, mümkin boldugyndan garramak prosesine terapewtiki taýdan täsir edip biljek usullary işläp düzmek...

Biziň näçe ýyllap ömür sürjegimiz baradaky sowal henizem anyk jogapsyz bolmagynda galýar. Emma ylym oňa akyl ýetirmäge barha ýakynlaşýar.

 

Peýdalanylan çeşmeler: 2026-njy ýylyň ýanwarynda «Science» žurnalynda çap edilen «Heritability of intrinsic human life span is about 50% when confounding factors are addressed» atly barlag. Awtorlary: Ben Şenhar, Glen Pridem we beýlekiler., Professor Uri Alonyň tejribehanasy., Ysraýylyň Weýsman instituty.