Indi ýylyň-ýylyna «The Economist» žurnalynyň seljerme bölümi dünýä ýurtlarynyň ýaşamak üçin iň rahat şäherleriniň sanawyny çap edýär we ol her ýyl özboluşly «arzuw kartasyna» öwrülýär. Ol ýerlerde ýaşamak, iň bolmanda dynç almak hyýaly bolsa, gürrüňsiz, köpleriň serine dolýandyr. Emma durnuklylygy, saglygy goraýyş, bilim, infrastruktura hem medeniýet ýaly ugurlar boýunça berilýän bahalaryň aňyrsynda has gyzykly zatlar ýatyr: bu bolsa şol şäherleri dogduk mekany hasaplaýan adamlaryň gündelik ýaşaýşydyr. «BBC» habarlar agentligi 2026-njy ýylyň degişli reýtinginiň özeninde nämeleriň durýandygyny düşündirmäge çalyşýar.
Kopengagen: sişenbeleri baýramçylyk öwüşginli şäher
Daniýanyň paýtagty gürrüňi edilýän sanawda bassyr ikilenji ýyl öňdeligi eýeledi we bu tötänden däldir. Kopengagen durnukly ýaşaýyş, bilim we infrastruktura ýaly üç ugur boýunça iň ýokary bahalara mynasyp boldy, medeni ugur boýunça hem indeksiň öňdebaryjylarynyň hataryndan orun aldy.
Emma welin, welosiped sürmegiň diňe bir gündelik maşkyň guraly däl-de, esasy ulag serişdesi bolan şäherde ýaşamagyň nähilidigini sanlardyr maglumatlar doly derejede açyp görkezmeýär. Kopengagende sekiz ýyl ýaşan lukman we aspirant Lora Amira Kassem adaty gününi şeýle suratlandyrýar: ir säher bilen kölleriň kenarynda ýa-da asuda Utterslew-Mose seýilgähinde ýeňil ylgaw etmek, soňra kofe içmek, tomsuna bolsa şäheriň çäklerinde suwa düşmek... Ol welosiped infrastrukturasynyň, megapolisiň merkezinde suwa düşmek üçin amatly arassa suwuň hem-de adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly gurlan gurşawyň özara saz utgaşmasynyň başga ýerlerde asla duş gelmeýändigini aýdýar.
Myhmanlar üçin niýetlenen gatnaw ugry bolsa, adatça, gök önüm we şawurma satýan dükanlaryň çörek dükanlary hem-de tebigy çakyr barlary bilen goňşy oturan, köp medeniýetli Nýorrebro etrabyndan başlaýar. Soňra bolsa — Nordhawna çenli welosipedde gezelenç, suwa düşmek, kenarda kofe içmek we däp bolan Daniýa çowdary çöreginden sendwiç — smýorrebrýod bilen günortanlyk naharyny edinmek bilen gün akgynly dowam edýär. Agşamlaryna bolsa goşulyşmaga isleg bildirýän islendik adam üçin açyk bolan, Felledparken seýilgähiniň töwereginde üç kilometrlik aýlaw üçin ýygnanyşýan «Loopet» jemgyýetine goşulyp şähdiňi açyp bilýärsiň.
Wena: bu şäherde durmuş akymy başgaça
Awstriýanyň paýtagty geçen ýyl ilkinji orny Kopengagene beren hem bolsa, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda gazanýan ajaýyp netijeleri bilen sanawyň ikinji ornuny saklaýar. Ýaşaýjylar Wenada ýaşaýşyň rahatlygynyň kiçijik zatlardan düzülýändigini aýdýarlar: şäher islendik zerur zadyň pyýada ýa-da tramwaýda baryp boljak uzaklykda ýerleşmegi göz öňünde tutulyp gurlandyr.
Wena Syýahatçylyk býurosynyň wekili Fransiska Hohmüller Ringştrasseniň ugry boýunça işe tramwaýly gitmegiň özi üçin kiçijik gündelik dessura öwrülendini belleýär. Ol telefon ulanmagyň ýerine kitap okaýar ýa-da jaýlaryň deňinden geçip barşyny synlamakdan lezzet alýar, olardan özboluşly many gözleýär. MOTTO myhmanhanasynda işleýän Roland Eggenhofer bolsa taryhy merkezde, ýagny birinji etrapdan dokuzynjy etraba çenli jemgyýetçilik ulagynyň gerek däldigini, bu ýerde pyýada ýöremekden uly lezzetiň ýokdugyny aýratyn nygtaýar. Ol altynjy we ýedinji etraplara, esasanam, kafeleri we butikleri bolan Noýbaugasse we Spittelberg kwartalyna, şeýle hem halkara tagamlary bolan Nastmarkt bazaryna baryp görmegi maslahat berýär. Bu ýerde güýzüne şäheriň daşyndaky däp bolan hoýrigere — Wenanyň çetindäki üzümçiliklerde ýerleşýän çakyr meýhanasyna baryp göreniňe örän degýär.
Hohmüller şäheri syýahatçynyň däl-de, ýerli ýaşaýjynyň gözi bilen görmek üçin 18-nji etrapda ýerleşýän Kuçkermarkt şenbe daýhan bazaryna barmagy maslahat berýär. Bu ýerde maşgalalar we gartaşan wenalylar bir hepdä niýetläp söwda edýärler ýa-da kofe içişlik guraýarlar. Onuň aýtmagyna görä, şäher megapolis derejesine garamazdan, isle kofehanada, seýilgähde ýa-da Dunaýyň kenarynda bolsun, rahat demiňi dürsäp, degre-daşyňa diň salmaga mümkinçilik goýýar.
Melburn: müň häsiýetli şäher
Melburn sanawda medeniýet we daşky gurşaw boýunça iň ýokary umumy ballary bilen hemişelik bäsdeşi Sidneýden öňe saýlanyp, üçünji orny eýeledi. Şäheriň syry — her etrapçasy öz durmuşy bilen gümra bolan kiçijik obanyň atmosferasynyň uly metropolyň giň göwrümi bilen täsin utgaşmasydyr.
Beýik Britaniýada, Irlandiýada we Awstraliýada myhmanhana pudagynda işlän Ann Mari Lennon ýerli ýaşaýjylaryň biri-birine bolan hakyky gyzyklanmasyny, şeýle hem şäheriň medeniýet, iýmit, saz we moda baýlygyna aýratyn üns çekýär, muňa garamazdan, her etrapça özboluşly aýratynlygyny saklaýar. Melburnda ýigrimi ýyl bäri ýaşap gelýän asly şotlandiýaly Lu MakGregor öz ýaşaýan Futskreý etrapçasyny şäheriň iň gowy iýmit we içgi taýýarlanylýan ýerleriniň biri hökmünde häsiýetlendirýär. Bu ýerde hemişe dürli tagamlar taýýarlanylyp, yzygiderli şowhun-şagalaňa beslenýär. Ol Fitzroýy rahat barlary we wintaž dükanlary bolan ýer, Sent Kildany — kenarda gezelenç etmek üçin amatly ýer, Karltony bolsa italýan tagamlary hem-de owadan köne köçeleri bilen deňsiz-taýsyz gözellige eýe diýip öwgüleýär.
MakGregor myhmanlara Döwlet kitaphanasynyň gümmezli okalga zalyny, Hosýer-leýn köçesiniň hemişe üýtgeýän sungatyny hem-de Wiktoriýanyň Milli galereýasyny görkezýär. Melburny ýerli ýaşaýjylaryň öz gözi bilen synlamak üçin bolsa Lennon 39 gektar meýdana eýe bolan Prinsess-park seýilgähini maslahat berýär. Ol bu ýeriň itleri bilen gezelenç edýänleriň, ylgawçylaryň hem maşgalalaryň gabatlaşýandygyny, seýilbagyň atmosferasynyňam hemişe rahatdygyny aýdýar.
Sidneý: bu ýerde umman gündelik durmuşyň bir bölegi
Sanawda Melburn bilen deň derejede ball berlen Sidneý saglygy goraýyş we bilim babatda iň ýokary bahalara eýe bolup, dördünji orunda durýar. Emma ýaşaýjylar başga şäheriň başga bir gyraňyna ünsi çekýärler: şäheriň çäklerinde tebigatyň seýrek ýagdaýda elýeterlidigini we onuň etraplarynyň hakykatdanam köp medeniýetli häsiýete eýedigini aýdýarlar.
Täze Günorta Welsiň iş bilen üpjünçilik we syýahatçylyk ministri Stiw Kamper Sidneýiň islendik ýerinden ajaýyp görnüşleriň — port, gök daglar ýa-da kenar... aňsatlyk bilen görünýändigini we medeniýetleriň, tagamlaryň we etraplaryň garyşyk dünýäsiniň şäheri özboluşly häsiýete eýe edýändigini belleýär. Bu özboluşly global megapolis mysaly bolup, şol bir wagtyň özünde aýry-aýry ýerli jemgyýetleriň bitewi ulgamydyr. Harbor-brij köprüsi ýa-da Bondi kenary ýaly adaty syýahat edilýän ýerlerden başga-da, ol şäheriň günbatar çetindäki Berwuda baryp görmegi maslahat berýär. Onuň aýdyşy ýaly, şäheriň hakyky köp medeniýetli häsiýeti şol ýerde açylýar. Ýeri gelende, ol mümkinçilik boldugyndan Awstraliýanyň futbol duşuşygyna tomaşa etmegi maslahat berýär.
Ýer ýüzüniň dört yklymynda ýaşap gören fransuz zergär-dizaýner Juli Liwni Sidneýiň ony häli-häzirem täsinlikleri bilen geň galdyrýandygyny nygtaýar: bu ýerde kenarda syýahat etmek ýa-da suwa düşmek dynç alyş däl-de, gündelik işleriň bir bölegidir. Onuň üçin joralary bilen Bondiden Bronte şäherine ir säher bilen pyýada ýöräp gitmek täze güne başlamazdan ozal güýç toplamagyň özboluşly usulyna öwrüldi. Ol myhmanlara Tamarama kenarynda daň säherini, Bondide kofe içmegi hem-de Rouz-Beý aýlagynda paromda gezelenç etmegi maslahat berýär. Bu diňe bir syýahat etmek maksady üçin däl-de, eýsem, Opera teatrynyň we portuň suwdan görünýän ajaýyp görnüşini synlamak üçin hem baranyňa örän degýän ýerdir.
Sýurih: takyklyk — durmuş ýörelgesi
Sanawda bäşinji orunda geçen ýylky reýtingde ikinji orny eýeleýän Sýurih şäheri durýar. Ýerli ýaşaýjylar şäheriň oňaýlylygyny we tebigata ýakynlygyny ony ýaşamak üçin ajaýyp ýere öwürýändigine ynanýarlar.
Ýerli ýaşaýjy we kontent-meýker Manuela Leonhard şäheri kölleridir derýalary bolmazdan göz öňüne getirip bilmeýändigini aýdýar. Ol her gün Sýurih kölüniň, Limmat ýa-da Zil derýasynyň ýakasyndan aýlanyp geçmäge pursat tapýar. Ol şäherde arassa suwly 1 müň 200-den gowrak suw çüwdüriminiň bardygyny aýdýar. Ol myhmanlara ozal Rim galasy bolan, häzirki wagtda derýa we Köne şähere bakýan synlaýyş diňi bolan depäni — Lindenhofy, şeýle hem ETH Zurich we Sýurih uniwersitetiniň panorama görnüşli terrasalaryny görkezýär. Ol şäheriň islendik uly çäreden soň näderejede kemsiz we tämiz arassalanylýandygyna haýran galýar. Hatda ertesi güne çenli şäherde hiç zadyň yzy hem galmaýar.
2026-njy ýylyň iň gowy 10 şäheriniň doly sanawy:
Kopengagen
Wena
Melburn
Sidneý
Sýurih
Ženewa
Osaka
Adelaida
Wankuwer
Tokio
Bu şäherleri näme baglanyşdyrýar?
Howa şertleri, dilleri we medeniýetleri doly tapawutlanýan bolsa-da, sanawyň ilkinji bäşligini döredýän bu şäherleriň ýaşaýjylarynyň durmuş hekaýaty ruhy taýdan örän meňzeşdir. Olaryň ählisem hatda şäheriň ortarasynda-da tebigatyň elýeterliligi, etraplaryň adam sany babatda gerimlidigi we şäheriň döwrebap metropol bolmagyna päsgel bermeýän durmuşyň ýuwaş-kadaly akymy dogrusynda söz açýarlar. Megerem, hakykatdanam, rahat şäher durmuşynyň syry hut şu deňagramlylykda — infrastruktura netijeliligi bilen ýaşaýşyň ýerli, adam ölçegleriniň saklanmagyndadyr.
Peýdalanylan çeşme: BBC.