Turkmenportal logo
22.07.2026
4129741297
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenpoçta»: Türkmenistanyň döwlet poçta operatory sanly eýýamda nähili özgerýär?

«Poçta» sözüni eşidenimizde, göz öňümizde köplenç geçmişden galan şekiller: hatlar we bukjalar janlanýar. Emma döwrebap poçta gullugy eýýäm diňe bir kagyz hatlary gowşurmak bilen çäklenmän, eýsem uly logistika, maliýe hyzmatlaryna we sanly çözgütlere öwrüldi. Türkmenistanyň milli poçta operatory bolan «Türkmenpoçta» hem bütin dünýäniň poçta gulluklary ýaly, özgermeler ýoluny başdan geçirýär.

Däplerden döwrebaplyga

Türkmenistanda poçta aragatnaşy uzak taryha eýedir. Ol gözbaşyny sowet döwründen alyp gaýdýar, şol döwürde poçta uly ýurduň adamlarynyň hem-de sebitleriniň arasynda esasy aragatnaşyk çeşmesi bolup hyzmat edýärdi. Garaşsyzlyk alnandan soňra bolsa Türkmenistanda döwletiň howandarlygynda işleýän we iri şäherlerden tä çetki etraplara çenli tutuş çägi gurşap alýan özbaşdak poçta ulgamy kemala getirildi.

Häzirki wagtda «Türkmenpoçta» birbada birnäçe esasy ugur boýunça hyzmat alyp barýar:

  • Nusgawy poçta aragatnaşygy: Ýurduň içinden we daşyndan hatlary, ýollamalary ham-da bukjalary kabul etmek, gaýtadan işlemek we gowşurmak.

  • Halkara poçta aragatnaşygy: Türkmenistanyň doly hukukly agzasy bolup durýan Bütindünýä poçta birleşiginiň (BPB) ulgamy arkaly başga döwletler bilen hatlary we ýollamalary alyşmak.

  • Maliýe hyzmatlary: jemagat hojalygynyň we beýleki tölegleri kabul etmek, pul geçirimlerini amala aşyrmak — bu hyzmatlar bank infrastrukturasy çäkli bolan kiçi ilatly ýerleriň ýaşaýjylary üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

  • Filateliýa: Ýurduň medeniýetini, taryhyny we ýeten sepgitlerini özünde jemleýän poçta markalaryny çykarmak. Olar, köplenç, miniatýur sungatyň ajaýyp eserlerine öwrülýärler.

  • Döwürleýin metbugata ýazylmak: Gazet-žurnallara ýazylyşygy resmileşdirmek hyzmaty hem öz meşhurlygyny saklap gelýär.

Internet eýýamynda poçta

Internet we messenjerler ösdügiçe, poçta gulluklaryna bolan talap azalar öýdülýärdi. Emma iş ýüzünde ýagdaý tersine bolup çykdy: bütin dünýäde internet-söwdasynyň okgunly ösüşi poçtany logistikanyň iň möhüm halkasyna öwürdi. Onlaýn dükanlaryň ýollamalary, edaralaryň arasyndaky resminama dolanyşygy, halkara poçta ibermeleri — bular ygtybarly we köp şahaly poçta infrastrukturasyny talap edýär.

«Türkmenpoçta» hem beýleki ýurtlaryň poçta operatorlary ýaly sanly ulgamyň mümkinçiliklerini tapgyrlaýyn ornaşdyrýar: ýollamalary yzarlamak mümkinçiligi, elektron hyzmatlar, hatlary gaýtadan işlemekligi awtomatlaşdyrmak. Bu ugurdaky iň göze ilýän netijeleriň biri bolsa «Çapar Pay» ykjam goşundysydyr. Ol poçta edarasyny gündelik hyzmatlary hödürleýän doly derejeli sanly operatoryna öwürdi.

«Çapar Pay»: smartfondaky poçta 

Başda «Çapar» ady bilen çykarylyp, soňra «Çapar Pay» diýlip täzelenen bu ykjam goşundy Android we iOS ulgamlary üçin Google Play hem-de App Store platformalarynda mugt ýükläp almak üçin elýeterlidir. Ol öň dürli edaralara şahsy barmagy talap edýän onlarça hyzmaty bir ýere jemleýär.

Ykjam goşundynyň kömegi bilen ulanyjylar aşakdakylary amala aşyryp bilerler:

  • Jemagat hojalygynyň töleglerini tölemek — elektrik energiýasy, suw, gaz, ýaşaýyş-jemagat hyzmatlary;

  • PÝGG-niň jerimelerini barlamak we tölemek;

  • Ýurduň ähli welaýatlary boýunça şäher aragatnaşygy töleglerini geçirmek;

  • Mobil aragatnaşyk, internet we telewideniýe hyzmatlaryny, şol sanda «Altyn Asyr» we «Älem TV» hyzmatlaryny tölemek;

  • «Turkmenistan Airlines-iň» uçar peteklerini we demir ýol peteklerini satyn almak;

  • «Belet» onlaýn-kinoteatryna ýazylmagy resmileşdirmek;

  • «Altyn Asyr» operatoryna USSD-haýyşnamalary ugratmak — balansy barlamak, hasaby doldurmak, jaňyň sazyny üýtgetmek;

  • Trek belgisi boýunça ýollamalary yzarlamak we çaparçylyk hyzmatyny sargyt etmek.

Ykjam goşundy Türkmenistanda hereket edýär ähli bank kartlaryny goldaýar we çalt gaýtalanýan tölegler üçin olary goragly görnüşde ýatda saklaýar. 2024–2025-nji ýyllarda «Çapar Pay» goşundysynyň funksional mümkinçilikleriniň giňeldilmegi dowam etdirildi: ýurt boýunça şäher aragatnaşygy tölegleri, USSD-kodlar bilen integrasiýa, ýollamalary yzarlamak mümkinçilikleri we uçar gatnawlarynyň giňeldilen saýlawy girizildi.

Ulanyjylar ykjam goşundynyň sada dizaýnyny we amallaryň tizligini belleýärler: tölegler birnäçe minutda amala aşyrylýar we edara ýa-da kassa barmagy talap etmeýär — bu bolsa hemişe meşgul adamlar we boş wagty az bolan maşgalalar üçin uly ýeňillikdir.

Bu näme sebäpden adaty adamlar üçin möhüm?

Iri şäheriň ýaşaýjysy üçin poçtanyň ähmiýeti çaparçylyk gulluklarynyň we messenjerleriň köpelendigi sebäpli ikinji derejeli zat ýaly görnüp biler. Emma ýurduň köp sebitleri üçin poçta bölümi diňe bir hat iberilýän ýer däl. Bu ýer jemagat hojalygy üçin tölegleri töläp bolýan, başga şäherdäki garyndaşlara ýollamalary ugradyp we gyzyklanýan gazetlerine ýazylyp bolýan merkezdir. Şu nukdaýnazardan, poçta gullugy ýurduň ilatly ýerleriniň ählisinde bar bolan we ýaşaýan ýerine garamazdan, ähli raýatlar üçin aragatnaşygyň hem-de hyzmatyň binýatlaýyn derejesini üpjün edýän az sanly düzümleriň biri bolmagynda galýar.

Geljekki maksatlar 

Elektron söwdanyň ösüşi, ýollasmalaryň möçberleriniň artmagy hem-de tizlige we amatlylyga bolan islegiň ýokarlanmagy «Türkmenpoçtanyň» öňünde beýleki ýurtlaryň poçta operatorlarynyňky ýaly çylşyrymly wezipeleri goýýar: «poçta hemmeler üçin» diýen däp bolan işi harydy hakyky wagt tertibinde yzarlamaga we onuň şol günde gowşurylmagyna öwrenişen häzirki zaman ulanyjysynyň talaplary bilen nähili utgaşdyrmaly?

«Türkmenpoçta» adamlaryň, sebitleriň we dünýäniň arasyndaky baglanyşdyryjy halka — özgerýän, emma öz esasy wezipesini, ýagny wajyp zatlary garaşylýan ýerine eltmek wezipesini ýitirmeýän edara bolmagynda galýar.