Medeni-taryhy syýahatçylyga bolan isleg bütin dünýäde barha artmak bilen: şu günüň syýahatçylary çuň manyly wakalara we geçmişden galan hakyky miras — medeni ojaklar bilen içgin tanyşmaga esaslanýan syýahatlara yzygiderli gyzyklanma bildirýärler. Şonuň üçinem syýahatçylaryň aglaba köpüsi ýörite niýetlenen medeni syýahatlary saýlap alýarlar. Bilermenler bu pudagyň 2026-njy ýyldaky 647,5 milliard amerikan dollarlyk statistikasynyň 2033-nji ýyla çenli 937 milliard amerikan dollara çenli ösjekdigini çaklaýarlar.

Dünýä derejesindäki bu gyzyklanma barada gürrüň edilende Türkiýäniň medeni syýahatçylyk üçin öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda durýandygyna üns çekmek ýerliklidir. Bu ýurt gadymy ýadygärlikleri köpçülikleýin gaýtadan dikeltmek işlerini we konserwasiýa taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär. Bu bolsa ýurduň gadymy mirasyny geljekki nesillere ýetirmek üçin gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem, syýahatçylaryň saparlaryny hem mümkin boldugyndan has oňaýlaşdyrmaga ýardam edýär. Şunda ýurtda soňky amala aşyrylan möhüm başlangyçlaryň arasynda — Andriake arheologik toplumynyň giňden abatlanylmagy, Demrede Likiýa siwilizasiýalarynyň muzeýiniň açylmagy hem-de Alanýadaky gadymy Siedra şäherinde myhmanlar üçin täze merkeziň ulanmaga berilmegi ýaly işler bar.
Andriake we Likiýa siwilizasiýalarynyň muzeýi: gadymy taryhyň täzeçil beýany
Gadymy Miranyň porty hökmünde Andriake Likiýanyň iň möhüm ýerleriniň biri bolup, ellinistik, rim we wizantiýa döwürlerinde strategik ähmiýetini saklap galypdyr. Häzirki wagtda syýahatçylar bu ýerde: gadymy suw geçirijisini, monumental rim suw çüwdürimini (nimfeý), Port köçesini, elling galyndylaryny we agora bazar meýdançasyny (Plakoma) synlap bilerler.

Andriakeniň meşhur «Likiýa ýodasynda» (Lycian Way) — Türkiýäniň pyýada ýöremek üçin niýetlenen esasy ýodasynyň ugrunda ýerleşýändigini hem aýratyn nygtamak zerurdyr. Bu ýodanyň halkara neşirler tarapyndan yzygiderli Ýewropanyň iň owadan ýodalarynyň hataryna girizilmegi hem ýöne ýere däldir. Toplumyň abadanlaşdyrylmagynyň çäklerinde bu ýere agaç şpaldan we owradylan granitden ýasalan ekologiýa taýdan arassa ýollar çekildi. Ol taryhy landşaft bilenem sazlaşykly utgaşýar. Indi gadymy porty öwrenmek has oňaýly boldy.
Gezelenç ýodasynyň ahyrynda myhmanlara gadymy däne ammary (Granarium) ýerleşýän Likiýa siwilizasiýalarynyň muzeýi garaşýar. Onuň täzelenen zallarynda Likiýa şäherlerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly tapylan täsin artefaktlar: heýkeller, sarkofaglar, teňňeler we ýazgylar görkezilýär. Serginiň iň esasy gymmatlyklarynyň biri-de 2024-nji ýylda Andriakeden tapylan we gadymy Anadoly aýna üfleýjileriniň ajaýyp ussatlygyna şaýatlyk edýän täsin «millefiori» («müň reňk») usulynda ýasalan aýna paneller we rozetkalardyr.
Gadymy Siedradaky täze myhmanlar merkezi
Gadymy Siedra gözel Asartepe depesiniň üstünde ýerleşýär. Ol ýerde bolsa Ortaýer deňziniň ajaýyp panorama görnüşleri açylýar. Gazuw-agtaryş işleri şäheriň biziň eýýamymyzdan öňki IX asyrda hem bolandygyny we onuň iň gülläp ösen döwrüniň Rim hem-de Wizantiýa döwürlerine degişlidigini tassyklaýar.
Sütünler köçesinden, Beýik hammamlardan, Parlament binasyndan hem-de Çokundyryş gowagyndan başga-da, Siedra özboluşly mozaikalary bilen dünýäde giňden tanalýar. Hammamlardan tapylan «Siedra mozaikasy» gadymy sungatyň seýrek nusgasyny görkezýän bir bitewi pannoda Geraklyň 12 sany gahrymançylygyny jikme-jik suratlandyrýar.
«Geljegiň mirasy» (Legacy for the Future Project) döwlet maksatnamasynyň esasynda Siedrada geçirilen landşaft işleri tamamlanyp, döwrebap myhmanlar maglumat merkezi açyldy. Gaýtadan dikeldilen arheologik toplum her gün sagat irden 9:00-dan — 18:00-a çenli myhmanlary garşy alýar.