Turkmenportal logo
30.07.2026
2883928839
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Täze Aý» kärhanasy fermadan satuwa çenli etiň hilini nädip gözegçilikde saklaýar?

Söwda dükanlarynda satylýan şöhlat ýa-da peýnir önümleriniň nähili şertlerde, nädip öndürilýändigi, asyl bu işiň nähili alnyp barylýandygy barada pikir edýän müşderiler örän az bolsa gerek. Adatça, bu işler göni önümhanadan däl, eýsem, meýdan şertlerinden — mallara nähili iýmitiň berilýändiginden we olara näderejede ideg edilýändiginden gaýdýar. Bu önümçiligi başdan-aýak düşündirmek maksady bilen, öňdebaryjy önüm öndürijileriň biri bolan «Täze Aý» kärhanasy öz et we süýt önümleriniň hilini saklamakda nädip ilkibaşdan berk gözegçilik edilýändigi barada gürrüň berýär.

Diňe bir şöhlat däl: öz fermaň işewürligiň üçin binýat

«Täze Aý» diňe bir ýerli bazarda däl, eýsem, daşary bazarlarda hem şöhlat, konditer hem we süýt önümleri bilen giňden tanalýar. Ýöne kärhananyň önümçilik aýlawy babatda ähli aladalaryny özünden hasyl edýändigini, ähli zerurlyklarynyň özünden bitýändigini, hatda maldarçylyk fermasynyň hem özüniňkidigini bilýänler azdyr. Muny sada dilde şeýle düşündirmek bolar: etiň hiliniň kadaly saklanmagyny üpjün etmek üçin diňe bir gaýtadan işlemek däl, eýsem, maldarçylyk hojalygynda bolup geçýän ýagdaýlary hem berk gözegçilikde saklamak zerurdyr.

Kompaniýanyň fermalarynda döwrebap howalandyryjy ulgamly giň ammarlary bolup, gurşawda arassalaýyş işleri yzygiderli geçirilýär hem-de mallaryň saglygyna hemişe gözegçilik edilýär. Bu ýöne bir ideg däl, asyl mallaryň saklanyş şertleri halkara standartlaryna gönüden-göni laýyk gelýär.

«Mallary oňaýly şertde saklamak diýmek olara adaty görnüşde ideg etmek diýildigi däl. Rahat, sagdyn mal — bu diýmek etiň hiliniň nähilidigini öňünden çaklamakdyr» diýip, kärhananyň hünärmenleri aýdýarlar.

Kärhananyň hünärmenleri «Täze Aýyň» maldarçylyk ugrunyň guralyşyny kesgitleýän esasy üç ýörelgä ünsi çekýärler:

·        Iýmitlendiriş. Mallaryň rasiony kadaly bolup, diňe tebigy iýmitden durýar. Olara gadagan edilen goşundylar goşulmaýar. Bu bolsa mallaryň «Halal» standartlaryna doly laýyk gelmegi üçin gowudyr. Ol mallaryň saglyk ýagdaýyna we önümleriň soňky tagamyna täsir edýär.

·        Weterinar gözegçiligi. Yzygiderli geçirilýän barlaglar, edilýän sanjymlar hem-de keselleriň öňüni alyş çäreleri fermanyň gündelik işiniň möhüm bölegidir. Maldarçylygy sagdyn ýöretmek töwekgelçiligi azaltmakdyr hem-de çig malyň hiliniň hemişe kadaly bolmagyny üpjün etmekdir.

·        Ynsanperwer çemeleşme. Kärhana maldarçylyk ýörelgelerine jogapkärli çemeleşmek bilen, ähli tapgyrda — mallaryň saklanyşyndan başlap, daşalyşyna çenli olaryň dartgynlylygyna ýol bermezlige çalyşýar.

Önümleri «Halal» standartlaryna laýyk getirmegiň bu ýerde özboluşly bir marketing hilesi däl-de, eýsem, mallary iýmitlendirmekden başlap, etiň soňky gaýtadan işlenilmegine çenli gündelik tejribäniň bir bölegidigini nygtamak gerek.

Soňra nähili işler geçirilýär — fermadan önümhana çenli

Kärhana öz mallarynyň etinden peýdalanýan bolsa-da, ol dessine gaýtadan işlenilmeýär. Önümçilik desgasyna barmazdan öňinçä, çig mal berk hil gözegçiliginden geçirilýär. Bu diýildigi kärhananyň standartlaryna laýyk gelmeýän ähli zady süzýän özboluşly «süzgüç» diýen ýaly bir zat.

«Biziň üçin mallary ösdürip ýetişdirmekden başlap, taýýar önüme çenli — önümçiligiň her bir tapgyrynyň iň ýokary standartlara laýyk gelmegi möhümdir. Bu biziň sarp edijilerimiziň ynamynyň esasynda durýar» diýip, «Täze Aýyň» wekilleri belleýärler.

Teswir: näme üçin satyn alyja muny bilmek möhüm

Azyk senagaty nukdaýnazaryndan, wertikal integrasiýa — fermadan söwda nokadyna çenli tutuş önümçilik zynjyryna berk gözegçilik etmek — bu hili doly kepillendirmegiň iň ygtybarly usullarynyň biri hasaplanýar. Kompaniýa çig maly başga üpjün edijilerden alman, diňe öz mallaryny ýetişdirip şolardan alýan mahaly iýmit ýa-da weterinariýa hyzmatyna serişde tygşytlamaga üns bermeýär. Çünki etiň hili brendiň abraýyna gönüden-göni täsir edýär.

Hut şonuň üçinem önümleri halkara standartlara laýyklykda tassyklatmak diňe bir önümiň gabyndaky owadan ýazgy däl. «Täze Aý» kärhanasy ISO 22000:2018 (azyk önümleriniň howpsuzlygyny dolandyryş ulgamy) we ISO 9001:2015 (hili dolandyryş ulgamy) standartlaryna laýyklykda işleýär. Sarp edijiler üçin bu hil gözegçiliginiň çaklamalara däl-de, fermadan gaplamaga çenli aýdyň resminamalaşdyrylan we yzygiderli barlanylýan amallara esaslanýandygyny aňladýar.

«Täze Aýyň» alyp barýan işi — ýokary hiliň pikir edilmeýän ýerlerden başlanýandygynyň ajaýyp mysalydyr: ol owadan enjamlary bolan önümhanadan däl-de, ammardan, öri meýdanyndan hem-de weterinar gözegçiliginden başlanýar. Şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, kärhana hut şu çemeleşmäni azyk önümleri bazarynda esasy aýratynlygyna öwürýär.

«Täze Aý» kärhanasynyň salgylary: Tel: +993 61 343076 ✉️ info@tazeay.com, Ýerleşýän ýeri: Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary etraby, «Täze oba» daýhan birleşigi.