Adatça, oftalmologyň geçirýän barlagy görüşi barlamak bilen baglanyşyklydyr. Emma welin häzirki zaman barlaglary gözleriň tutuş bedeniň saglygy barada has köp zady bilmäge ýardam edýändigini görkezýär. Indi zatlary içgin öwrenmegiň we neýrotorlaryň kömegi bilen, adamyň gözüniň adatyja suratlary arkaly ýürek-damar kesellerini, diabeti, ganazlygy öňünden anyklanmak, hatda adamyň biologik ýaşyny kesgitlemek mümkin boldy.
Setçatka ýürek-damar howpunyň kartasy hökmünde
Setçatka — bu bedende lukmanlaryň gan damarlaryna gönüden-göni we inwaziw däl görnüşde gözegçilik edip bilýän ýeke-täk ýeridir.
Ýüz müňlerçe näsagyň maglumatlaryna esaslanýan çuňňur öwrenmek algoritmlerini ulanmak arkaly alymlar diňe göz çuňlugynyň suratlaryna esaslanyp, ýaş, jyns, çilim çekmek ýagdaýy we gan basyşy ýaly töwekgelçilikli faktorlary çaklamagy öwrendiler.
Mysal üçin, emeli aň çilim çekýänleri çilim çekmeýänlerden 71% takyklyk bilen tapawutlandyryp we sistolik gan basyşyny 11 mm rt.st. bilen çaklamak üçin ulanyp bilýär.
Onsoňam, algoritm geljekki bäş ýylyň dowamynda infarktyň ýa-da insultyň döremek töwekgelçiligini 70% takyklyk bilen çaklamaga ukyplydyr. Bu bolsa gandaky holesterin barlagyny talap edýän usullar bilen deňdir.
Ganazlygy we böwrek keselini sanjymsyz anyklamak
Dünýä ýüzünde 1,6 milliarddan gowrak adam ganazlykdan ejir çekýär. Ýöne bar bolan testleriň inwaziwligi sebäpli, bu köp halatda nämälimligine galýar.
«Google-yň» barlaglary emeli aň modelleriniň gemoglobiniň konsentrasiýasyny üstünlikli kesgitläp we göz çuňlugynyň suratlary esasynda ganazlygy ýokary takyklyk bilen anyklap bilýändigini görkezdi (AUC 0.88).
Şunda model göz nerwiniň diskiniň we gan damarlarynyň töweregindäki kiçijik detallara esaslanýar.
Gözler böwrekleriň ýagdaýyny hem görkezýär. Emeli aňyň kömegi bilen, gözüň daş-töwereginiň suratlary esasynda hroniki böwrek keseliniň alamatlaryny anyklap, glomerular filtrasiýanyň tizligi (eGFR) we peşewde albuminiň kreatinine gatnaşygy ýaly görkezijileri çaklap bolýar.
Gözleriňiziň alnynda «garrama sagatlary»
Iň täsin açyşlaryň biri-de «garramagyň setçatka sagatlary» (eyeAge) boldy.
Emeli aň adamyň biologiki ýaşyny setçatkanyň ýagdaýyna esaslanyp kesgitläp bilýär. Çaklanylýan «gözüň ýaşy» hronologik ýaşdan ýokary bolsa, onuň Alsgeýmer we ÖHOK (Öýkeniň hroniki obstruktiw keseli) ýaly ýaş bilen baglanyşykly keselleriň, şeýle hem umumy ölüm derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygy anyklandy.
Genetiki seljerme ALKAL2 ýaly käbir genleriň gözleriň çalt garramagyna sebäp bolup biljekdigini görkezdi. Bu genleriň basylyp ýatyrylmagy siňeklerde geçirilen tejribelerde ýaş bilen baglanyşykly görüşiň ýitmegini haýallatdy.
Daşarky barlag: diabet we lipidler
Diagnoz goýmak üçin hemişe gözüň içine siňe seretmek zerur däl. Gözüň öň tarapdan alnan ýönekeý suratlary hem emeli aňa gan şekeriniň gowşak gözegçiligini (HbA1c ≥ 9%) we lipid derejesiniň ýokarlanmagyny anyklamaga mümkinçilik berýär.
Neýrotorlaryň «üns zolaklaryny» seljermesi emeli aňyň bu çaklamalary ýüze çykarmak üçin gan damarlarynyň görünýän ýeri bolan sklerany we konýunktiwany ulanýandygyny görkezdi.
«Gara guty» meselesi we emeli aňyň duzaklary
Emeli aňyň lukmançylykda ulanylyşyndaky esasy kynçylyklaryň biri algoritmiň näme gözleýändigini düşünmegidir. Alymlar toruň gözläp tapýan aýratynlyklaryny wizuallaşdyrmagy üçin «üns kartalaşdyrma» usullaryndan we generatiw emeli aňdan (StylEx) peýdalanýarlar.
Käwagt bu garaşylmadyk ýadgaýda çykýan ýalňyşlyklary anyklamaga kömek edýär. Mysal üçin, suratda gözüň reňk bilen örtülmegi (kosmetika) gemoglobiniň pes derejesiniň çaklamasy bilen baglanyşyklydygy bellenildi.
Bu ganazlygy bolan aýallaryň kosmetikany has köp ulanýandygy sebäpli bolýar. Bilermenleriň pudagara panellerini ulanmak bize hakyky biomarkerleri (meselem, gipertoniýada arteriýalaryň daralmagy) şeýle ýalan zatlardan tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Anyklaýşyň geljegi
Tehnologiýa häzirlikçe ösüşiniň gözleg-barlag işleri bilen ölçerilýän tapgyrynda bolsa-da, onuň görkezýän mümkinçilikleri örän uludyr. Ýöriteleşdirilen fundus-kameralardan adaty smartfonlara geçilmegi lukmançylyk barlaglaryny her bir dermanhanada ýa-da öýde elýeterli edip biler.
Bu bolsa iň netijeli görnüşde keselleri irki döwürden anyklamaga mümkinçilik berer.