Turkmenportal logo
14.04.26
1100711007
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Uganda syýahatçylykda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri görýär

Uganda bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklary babatda heniz peýdalanylman galýan giň mümkinçilikler bar. Bu barada Ugandanyň Syýahatçylyk, ýabany tebigat we gadymy miras ministrliginiň hemişelik sekretarynyň orunbasary Jiffri Serembe «Turkmentravel 2026» maslahatynda eden çykyşynda nygtady.

«Şu günki günde syýahatçylyk – bu diňe bir syýahat etmek däl. Bu ykdysady özgerişleriň, medeni diplomatiýanyň we durnukly ösüşiň güýçli hereketlendirijisidir» diýip, ol belledi.

Serembe syýahatçylygyň Ugandanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy girdeji çeşmeleriniň biridigini belledi. Ol daşary ýurt walýutasyny getirýär, ilkinji nobatda, ýaşlar we zenanlar üçin iş orunlaryny döredýär, şeýle hem ýurduň tebigy we medeni mirasynyň saklanyp galmagyna ýardam edýär. Onuň aýtmagyna görä, Aziýa eýýäm Uganda gelýän syýahatçylaryň sany boýunça ikinji orundaky yklyma öwrüldi.

Ikitaraplaýyn özara hereketleriň geljegi barada aýtmak bilen, ol Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny görkezdi: syýahatçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary we özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalary işläp düzmek, hünärmenleri taýýarlamak we sanly innowasiýalar babatynda tejribe alyşmak, syýahatçylyk operatorlarynyň we maýadarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem ugurdaş pudaklarda – oba hojalygynda, energetikada we infrastrukturada özara hereketleri giňeltmek.

«Syýahatçylyk biziň ýurtlarymyzyň arasynda köpri bolup hyzmat edip biler, ol adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, medeniýetleriň özara düşünişmegine we ykdysady özara hereketlere ýardam eder» diýip, Serembe nygtady.

«Turkmentravel 202» halkara sergisi we maslahaty 14 — 16-njy aprelde Aşgabatda geçirilýär.