Turkmenportal logo
17.04.26
118763118763
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradow Belfasdaky PFL tutluşygynda Pedrony ýeňdi

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Belfastda (Demirgazyk Irlandiýa) geçirilen PFL ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy.

D.Ýagşymyradow mundan ozalky tutluşygyny 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda «PFL Road to Dubai» bäsleşiginde geçiripdi we onda amerikaly Kori Andersondan eminleriň biragyzdan gelen karary bilen asgyn gelipdi. Türkmenistanly pälwanyň hasabynda 26 ýeňiş, 8 ýeňiliş we 1 deňme-deňlik bar.

Pedro üçin bolsa bu tutluşyk 2024-nji ýylyň mart aýyndan bäri ilkinji duşuşyk boldy. Ol şonda «UFC Fight Night 238» bäsleşiginde braziliýaly Eitor Petrinodan eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda utulypdy. Awstraliýaly türgeniň hasabynda 10 ýeňiş we 6 ýeňiliş bar.