Turkmenportal logo
18.04.26
1017010170
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Maldiw adalarynda akula erkek kişini aýagyndan mahrum etdi
Surat: gazeta.ru

Erkek kişi Maldiw adalarynda dynç alýarka, aýagyndan mahrum galdy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Habarda ispaniýaly lukmanyň nika toýunyň yzysüre gelni bilen Maldiwlere dynç almaga gidendigi aýdylýar. Ol ýerde täze çatynjalar syýahatçylar toparynyň hatarynda balyk gaýtadan işleýän kärhananyň golaýynda suwa düşmekçi bolupdyrlar. Suwa düşýärkäler, syýahatça akula hüjüm edipdir. Ejir çekeni hassahana ýerleşdiripdirler, lukmanlaryň yhlas edýändigine garamazdan, ispaniýalynyň ýagdaýy agyr, onuň akula dişlän aýagyny-da kesmeli bolupdyr.

Ýerli ýaşaýjylar ol ýerde akulalaryň bardygyny bilýän eken. Ýyrtyjy balyklar balyk zawodynyň suwa akdyrýan galyndylaryny iýip gün görüpdirler. Syýahatçylar gelende, kärhana ýyrtyjylary bir hepdä golaý wagt «naharlamandyr». Şonuň üçin akulalaryň gaty aç bolan bolmagy mümkin. Olary şeýle-de syýahatçylaryň gaty sesleri gaharlandyran bolmaly diýlip habarda bellenýär.