Mary welaýatynyň «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygynda düýeleriň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bu maldarçylyk hojalygy Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty boýunça döwlet birleşiginiň düzümine girýär we ata-babalardan gelýän şöhratly däpleri dowam etdirýär.
Esasy işler «Şyhmansur» we «Hanguýy» öri meýdanlarynda alnyp barylýar. Bu ýerleriň atlary ýerli guýular hem-de baý ot-iým binýady bilen baglanyşyklydyr.
Bu möwsümde maldarlar 1 müň 858 baş ene düýelerden, 836 sany almaklygy meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda meýilnama 90 göterim ýerine ýetirildi.
Hojalykdaky mallaryň umumy sany 4 053 başa ýetdi. Şolaryň 760-sy täze doglan köşekler bolup, bu görkeziji hojalygyň ýüz ýyla golaý taryhynda rekord netije hasaplanýar.