Turkmenportal logo
18.04.26
1373013730
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň günbatar sebitinde gök önümleriň bol hasylyny ýetişdirmek meýilleşdirilýär

Balkan welaýatynda ýylyň dowamynda 2 900 gektar meýdanda ýeralmasyny ýetişdirmek we 40 müň 600 tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, eýýäm 1 600 gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekildi we şu möwsümde 22 müň 400 tonna hasyl ýygnalar.

Welaýatda 1 100 gektar meýdana ekilen soganyň hasylyny 27 müň 500 tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda welaýatda kelemiň we käşiriň şitillerine ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär.

Öňde durýan hasyl ýygymy döwründe 230 gektar meýdandan ýygnaljak azyklyk kelemiň umumy möçberi 5 müň 750 tonnadan geçer. 470 gektar meýdana ekilen käşirden bolsa welaýatyň ekerançylary 8 müň 460 tonnadan gowrak hasyl ýygnamagy maksat edinýärler.