Maý aýynda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konserti hem-de TÜRKSOÝ-nyň opera günleri geçiriler. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň ýurtda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenildi.
TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistan TÜRKSOÝ-nyň işine işjeň gatnaşýar. Umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, geljekki nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda iş alyp barýan bu gurama belli şahsyýetleriň – akyldarlaryň, ýazyjylaryň we şahyrlaryň mirasyny wagyz etmekde aýratyn orun eýeleýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu gurama bilen medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde şu ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ-nyň opera günlerini ýokary derejede geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertine hem-de TÜRKSOÝ-nyň opera günlerine gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.