Turkmenportal logo
Düýn 09:29
39473947
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýerde magnit tupany dowam edýär
Surat: ria.ru

Ýerde pes derejeli (G1) magnit tupany başlandy we ol bir hepde töweregi dowam eder. Bu barada Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasyna hem-de Gün-Ýer fizikasy institutyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.

Habarda magnit tupanynyň bäşden ýedi gije-gündize çenli dowam etjekdigi bellenýär. Tebigy hadysanyň iň ýiti döwri dynç alyş günleri boldy, bu döwürde görkeziji ortaça G2 derejä çenli artdy.

G1 derejeli magnit tupanlary kosmos enjamlaryny dolandyryş ulgamyna uly bolmadyk derejede täsir edip biler.