Turkmenportal logo
Düýn 09:41
81788178
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow Türki döwletleriň Söwda-senagat palatalarynyň birleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde 18-nji aprelde Antalýa şäherinde Türki döwletleriň Söwda-senagat palatalarynyň birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türki döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler. 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Birleşigiň düzümine kabul edilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bu formatdaky ýurtlaryň arasynda bilelikdäki önümçilik zynjyrlarynyň esaslaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.