Turkmenportal logo
Düýn 10:16
87428742
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow azerbaýjanly kärdeşi bilen halkara meseleler boýunça pikir alyşdy

18-nji aprelde Antalýada Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şu ýyl iki ýurtda hem geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary döwlet derejesindäki duşuşyklara taýýarlyk görmäge aýratyn üns berdiler diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Şeýle-de daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.