Turkmenportal logo
Düýn 10:21
69676967
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Burundide näbelli keselden bäş adam pida boldy
Surat: smolnarod.ru

Burundide öň lukmançylyk ylmyna belli bolmadyk kesel möwjemesinden bäş adam heläk boldy. Afrikanyň kesellere gözegçilik etmek we öňüni almak merkeziniň (Africa CDC) maglumatlaryna görä, 30-njy marta çenli 5 adam keselden pida boldy, ýene 35 adam kesel ýokuşanlaryň sanawyna girizildi, bu bolsa ýokanjyň ölüm howplulygynyň 15 göterime deňdigini görkezýär diýip, «rg.ru» ýazýar.

Gurama ýokanjyň nusgalarynyň netijesinde onuň öň mälim bolan 200-den gowrak ýokançlara degişli däldigi anyklandy. Ýokanjyň alamatlarynyň arasynda ysytma, ýürek bulanmasy, içgeçme, kelleagyry görkezilýär. Agyr ýagdaýda keselliler newrologik bozulmalary, ganazlygy, sary getirmäni we dem alşyň kynlaşmasyny başdan geçirýärler.

Hünärmenler keseliň haýwandan adama ýokuşmak ähtimallygyny anyklamak üçin doňuzlarda, iri şahly mallarda barlaglary alyp barýarlar. Burundiniň saglygy goraýyş ministri Lidwin Badarahana jemgyýetçilik saglygy goramak we ýokanjyň mümkin bolan möwjemesiniň öňüni almak üçin zerur çäreleriň geçirilýändigini habar berdi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem ýurda bu babatda goldaw berýär.