Turkmenportal logo
Düýn 10:24
1058610586
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Antalýada Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

18-nji aprelde bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşyp, syýasy-diplomatik ugur boýunça özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary döwlet derejesindäki ynamly we yzygiderli gepleşikleriň saýasynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.

Şeýle-de ministrler ýakyn aýlarda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara çärelerine taýýarlyk görmegiň meselelerine garadylar.

Mundan başga-da, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.