Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalar bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen parahatçylyk medeniýetini ilerletmek, siwilizasiýalarara dialogy we özara düşünişmegi berkitmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmen tarapy parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ählumumy ölçegde konstruktiw dialoga ýardam bermegiň we özara düşünişmegi berkitmegiň täsirli guraly bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.
Türkmenistanyň konstruktiw dialogy dowam etdirmäge we parahatçylykly ýaşaşmak medeniýetini ilerletmek boýunça halkara tagallalaryna goşant goşmaga taýýardygy tassyklanyldy diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.