Türkmen wekiliýeti Ermenistanyň Megri şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşdy.
14–18-nji aprel aralygynda Megri şäherinde geçirilen dabaralaryň çäklerinde türkmen wekiliýeti täze seýilgähiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabara hem gatnaşdy.
Şeýle hem dabaranyň myhmanlary Megri şäheriniň taryhy ýerlerine baryp gördüler hem-de ermeni halkynyň medeni mirasy bilen tanyşdylar.
Soňra türkmen wekiliýeti baýramçylyk gala-konsertine gatnaşdy — diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.