Turkmenportal logo
Düýn 11:13
62796279
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
RF-niň Döwlet Dumasynda 60 ýaşda pasport çalyşmak teklip edildi
Surat: gazeta.ru

Russiýanyň Döwlet Dumasynda ömrüň dowamlylygynyň uzamagy bilen baglylykda, 60 ýaşda pasport çalyşmak teklip edildi, bu barada Dumanyň deputaty Igor Antropenko «RIA Nowosti» habarlar gullugyna habar berdi.

Deputatyň sözlerine görä, häzirki wagtda adamyň ömür ortaça dowamlylygy 74,2 ýaşa çenli artdy. Pasporty 60 ýaşdan soňra çalyşmak has wajyp bolar, sebäbi adamyň daş keşbi ýyllar geçdigisaýy güýçli özgerýär, bu bolsa, mysal üçin, uçara ýa-da otla münülende, şahsyýeti anyklamagy kynlaşdyrýar.

Häzirki wagtda russiýalylar pasportlaryny 14, 20 we 45 ýaşa ýetenlerinde çalşyp bilýärler, 45 ýaşdan soňra resminama möhletsiz dowam edýär.