Turkmenportal logo
Düýn 11:36
1107611076
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda hepdäniň birinji ýarymy ýagyşly bolar, howa +35 gradusa çenli gyzar
Surat: 7dach

Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +14 gradusdan +17... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +20 gradusdan +31... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8... +13 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +16... +21 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradusdan +30... +35 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +30... +35 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +30... +35 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.