Maýyl howaly agşamlar, mylaýym şemal we eliňizde bolsa halaýan içgiňiz — bularyň ählisi sizde eýwan bar bolsa, eýýäm hakykata öwrülmäge taýýardyr. Ýöne «diňe açyk meýdança» bilen «hemişe gaýdyp gelesiň gelýän ýeriň» arasynda uly tapawut bar. Ak Gaýa dükany şol tapawudy nädip ýeňip geçmelidigini bilýär.

Ilki bilen yşykdan başlaň, çünki ol siz entek duýup ýetişmedik pursatyňyzda, ruhy ýagdaýy döredýär. Ýumşak ýyly şöhleli girlýandalar, owadan çyralar ýa-da amatly stoluň üstünde goýulýan çyra agşamky giňişligi terk etmek islenmeýän ýere öwürer. Gaty ýagty çyralardan gaça duruň — diňe ýumşak, ýaýraň yşyk gürrüňdeşlige hem-de asuda dynç alyşa laýyk gelýär.
Soňra dokma önümleri işe girişýär. Birnäçe ýassyk, aýak astyna halyça we oturgyjyň arkasyna atylan örtük ýagdaýy derrew üýtgedýär. Fakturalaryň we reňkleriň sazlaşygy eýwany hakykatdan-da size has mahsus — aýratyn görnüşli we stilli eder. Ondan soň mebel hakda oýlanmaly: rotangdan edilen ýeňil örme nusgawy mebel tebigata garşy gelmän, onuň bir bölegi ýaly utgaşýar.

Iň soňunda bolsa — hiňňildik. Asma oturgyç ýa-da tor sallançak eýwanda kaşaňlyk däl-de, eýsem dynç alyşyň hiline goýlan maýa goýumydyr. Iň bolmanda bir gezek synap görüň — soň yzyna dolanmak kyn bolar.
Eýwany bezemek üçin zerur zatlaryň ählisini Ak Gaýa dükanyndan tapyp bolýar. Üstesine-de, satyn alyşlary üç ýyla çenli möhlet bilen karz esasynda resmileşdirmek mümkindir — rahat tomusy has gowy döwürlere çenli yza süýşürmek hökman däl.

Ak Gaýa: Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi (Obýezdnoý köçe), j. 40.
Tel.: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88.