Turkmenportal logo
Düýn 13:44
1011210112
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda U18 ýaş derejesinde basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligine badalga berildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 15–23-nji aprel aralygynda 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda basketbol boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geçirilýär. U18 derejesinde iň güýçli topar adyny almak ugrunda Türkmenistanyň ähli sebitlerinden gelen ýaş türgenler bäsleşýärler.

Bäsleşik Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň ýolbaşçylygynda guraldy. Oýunlar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hem-de köpugurly sport toplumynda geçirilýär.

Bu birinjilik gowy oýunçylary saýlap-seçmek we ösdürmek maksady bilen guralyp, zehinli oýunçylary ýüze çykarmaga, ýaş türgenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ösüp gelýän nesliň arasynda basketboly giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.

Birinjiligiň hyzmatdaşlarynyň biri «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetidir. Ol diňe bir bäsleşige hemaýatkärlik goldawyny bermek bilen çäklenmän, eýsem ýaryşa gatnaşyjylara öz önümlerini hem hödürleýär. Bu kompaniýa üçin bu bir gezeklik çäre däl — ol ýaşlar sporty we sagdyn durmuş ýörelgesine yzygiderli maýa goýýar.