Turkmenportal logo
Düýn 14:50
1065110651
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen telekeçileri Londonda geçiriljek işewürlik duşuşygyna çagyryldylar

Beýik Britaniýa Patyşalygynyň Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy türkmen telekeçilerini 9 — 16-njy maý aralygynda Beýik Britaniýa guraljak işewürlik saparyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň çäklerinde dokma, oba hojalyk, gurluşyk, bilim, syýahatçylyk ugurlarynda we maýa goýumlary çekmekde işewürler hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy sapara gatnaşmaga isleg bildirýän telekeçilerden gysga wagtyň dowamynda edara habar bermeklerini soraýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-49; 39-88-95; 39-89-42.