Türkmenistandan FIFA derejeli emin Timur Gulmuradow VI Aziýa kenarýaka oýunlarynyň çäklerinde kenarýaka futboly boýunça duşuşyklara eminlik eder. Bäsleşikler 22–30-njy aprel aralygynda Hytaýyň Haýnan adasyndaky Sanýa şäherinde geçiriler.
Oýunlaryň maksatnamasyna sportuň 14 görnüşi girýär. Şolaryň hatarynda kenarýaka woleýboly, futbol, jiu-jitsu, gaýa dyrmaşma, ýelkenli sport we akwatlon ýaly ugurlar bar. Ýaryşa 45 ýurtdan türgenler gatnaşar.
Sanýa şäheri VI Aziýa kenarýaka oýunlaryny geçirmek hukugyny 2019-njy ýylyň mart aýynda gazanypdy. Ilkibaşda bäsleşikleri 2021-nji ýylyň 2–10-njy apreli aralygynda geçirmek meýilleşdirilipdi, emma COVID-19 pandemiýasy sebäpli ol yza süýşürildi.
Aziýa kenarýaka oýunlary ilkinji gezek 2008-nji ýylda Indoneziýanyň Bali adasynda geçirildi. Şondan bäri olar her iki ýylda bir gezek geçirilýär. Sanýa bu ýaryşy kabul edýän Hytaýyň ikinji şäheri bolar. 2012-nji ýylda bu oýunlary ýurduň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň Haýýan şäheri kabul edipdi. Şeýle hem ýaryşlar ozal Omanda (2010), Tailanda (2014) we Wýetnamda (2016) geçirildi.