Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilýän «INNOPROM. Merkezi Aziýa» altynjy Halkara senagat sergisiniň işine gatnaşdy.
Forumyň merkezi temasy täze tehnologik hablary kemala getirmek we Ýewraziýanyň senagat landşaftyny özgertmekden ybarat boldy. Maşyn gurluşygy, himiýa senagaty we täze nesliň energetikasy ýaly strategik pudaklarda sebitara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Çäräniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň senagat ministrleriniň birinji mejlisi geçirildi. Gatnaşyjylar söwda gatnaşyklaryndan senagat hyzmatdaşlygyna geçmegiň ähmiýetini nygtadylar. Senagat kooperasiýasynyň we lokallaşdyrmagyň bitewi maksatnamasyny işläp düzmek, şeýle hem 10 müň hünärli hünärmeni taýýarlamak üçin «Ýaş senagat liderleri — 2030» maksatnamasyny işe girizmek teklip edildi. Bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek üçin bilermenler topary döredilýär.
Mejlisiň netijeleri boýunça bilelikdäki kommýunike gol çekildi.