Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýurduň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Ýurtda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk we sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurduň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.