21-22-nji aprelde Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Sebit ekologiýa sammiti hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu barada sammitiň resmi saýtynda habar berilýär.
Sebit ekologiýa sammitiniň dowamynda Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi ugrunda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň möhüm ekologiýa, howa we suw meselelerini çözmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Onuň jemleri boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sebit ekologiýa hyzmatdaşlygy boýunça Bilelikdäki Jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.
Şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça hem birnäçe möhüm resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär.