«Senagat Tehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV Halkara köpugurly sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrdy. Kompaniýa aýna süýüminden taýýarlanan önümleri, gurluşyk pudagy üçin niýetlenen kompozit armaturalary, şeýle hem dürli maksatly kompozit torlary görkezdi.

Kärhananyň täze önümi — ilkinji gezek köpçülige tanyşdyrylan kompozit aýna-plastik profilleri myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Häzirki wagtda kärhana geljekde bu önümleriň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär.
Kompaniýanyň wekiliniň sözlerine görä, sergä gatnaşmak içerki önümçiligiň mümkinçiliklerini we häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalaryny görkezmek üçin möhüm meýdança boldy.

«Bu günki gün gurluşyk pudagynda uzakmöhletleýin, ýeňil we poslamaga garşy durnukly materiallara zerurlyk duýulýar. Hut şu sebäpli hem biz kompozit önümlerini ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Sergide tanyşdyrylan aýna-plastik profilleri kompaniýamyz üçin täze ugurdyr we geljekde biz olaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýäris» diýip, «Senagat Tehnologiýalary» kompaniýasynyň wekili belledi.