Turkmenportal logo
30.05.26
90769076
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogy–2027-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Futbol boýunça Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy. Türkmenistanyň ýygyndysy bir toparçada Yragyň, Tailandyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndylary bilen bäsleşer. Bije çekişlik Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirildi.

Ýaryşyň final tapgyryny geçirmek hukugy Hytaýa berildi. Saýlama duşuşyklary 2026-njy ýylyň 25-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçiriler.

Saýlama tapgyrynyň F toparçasynyň oýunlary Taýlandda geçiriler. Ýaryşyň final tapgyryna sekiz toparçanyň ýeňijileri, şeýle hem ikinji orny eýelän toparlaryň arasyndan iň gowy netije görkezen ýedi topar gatnaşmaga hukuk gazanar.

Baş tälimçi Didar Hajyýewiň futbolçylary toparçada üç duşuşyk geçirerler. Türkmenistanyň ýygyndysy 31-nji awgustda Yrak bilen, 3-nji sentýabrda Tailandyň ýygyndysy bilen, 6-njy sentýabrda bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysy bilen duşuşar.

Aziýa Kubogynyň final tapgyryny 2027-nji ýylyň 24-nji martyndan 10-njy apreline çenli geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň maý aýynda Didar Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Täjigistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda dördünji orny eýeledi. Ýaryşyň çempiony Özbegistanyň ýygyndysy boldy. Gyrgyzystanyň topary kümüş medallara mynasyp boldy, bürünç medallar bolsa ýaryşy kabul eden Täjigistanyň ýygyndysyna miýesser etdi.