Turkmenportal logo
01.06.26
1266512665
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Behişdi bedewler bilen bagly halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi

Türkmen behişdi bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, dünýä derejesindäki halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi.