Turkmenportal logo
02.06.26
1195011950
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tencent korporasiýasy WeChat ekoulgamynda emeli aň agentini synagdan geçirip başlady

Hytaýyň Tencent iri tehnologiýa korporasiýasy köpugurly WeChat platformasyna integrirlenen, emeli aň esasynda işleýän öz agentiniň ýapyk synag tapgyryna başlady.

Häzirki wagtda bu tehnologiýany işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak kompaniýanyň esasy strategiki taýdan ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Kompaniýanyň öz dil modeli bolan Hunyuan esasynda döredilen täze emeli aň kömekçisi ulanyjylara messenjeriň içinde gündelik işleri ýerine ýetirmäge ýardam bermek üçin niýetlenendir. Tehnologiýanyň esasy aýratynlygy onuň WeChat platformasyna birleşdirilen millionlarça kiçi-programmalar bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklap bilmegidir. Munuň netijesinde dürli hyzmatlary sargyt etmek, söwda amallaryny ýerine ýetirmek we maliýe hyzmatlaryndan peýdalanmak ýaly işler awtomatlaşdyrylýar.

Hünärmenleriň bellemegine görä, generatiw emeli aňyň WeChat-a integrirlenmegi adaty operasion ulgamlaryň käbir mümkinçilikleriniň ornuny tutup biljek «supergoşundynyň» (superapp) täze nesliniň  döredilmegine tarap möhüm ädimdir.

Synaglaryň başlanandygy baradaky habar birža bazarynda oňyn seslenme döretdi. Netijede, Tencent kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy Gonkong biržasynda 10 göterim ýokarlandy.

Seljerijileriň pikirine görä, 1,3 milliarddan gowrak ulanyjysy bolan platformada bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Hytaýyň sarp edijiler bazarynda emeli aňyň täjirçilik taýdan iň uly ulanylyşlarynyň birine öwrülip biler. Şeýle hem bu kompaniýa üçin girdeji gazanmagyň täze ugurlaryny açmaga mümkinçilik döreder.