Turkmenportal logo
Şu gün 01:48
24272427
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Florentino Peres Madridiň «Real» klubynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

Florentino Peres bolan Madridiň «Real» klubynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy. Ses berişlik 7-nji iýunda, ýekşenbe güni Madrid şäherindäki «Waldebebas» sport toplumynda geçirildi.

Klubyň prezidentlik wezipesi ugrunda häzirki prezident Florentino Peres bilen telekeçi Enrike Rikelme bäsleşdi. Saýlawlaryň maglumatlaryna görä, Peres sesleriň takmynan 65,95 göterimini alyp, ynamly öňe saýlandy.

Bu Peresiň 2009-njy ýylda kluba gaýdyp gelmeginden bäri ilkinji hakyky bäsdeşlik boldy. Ondan öň ol 2013-nji, 2017-nji, 2021-nji we 2025-nji ýyllarda garşydaşsyz ýagdaýda gaýtadan saýlanypdy. Peres möhletinden öňki saýlawlary möwsümiň şowsuz geçmegi sebäpli yglan edipdi. «Real» yzly-yzyna ikinji ýyl iri baýraksyz galdy.

2025/26-njy möwsümde «Real» 86 utuk toplap, Ispaniýanyň La Liga çempionatynda ikinji orny eýeledi. Şeýle hem topar UEFA-nyň Çempionlar ligasynda çärýek finala çenli baryp, şol tapgyrda «Bawariýadan» ýeňildi. Mundan başga-da, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Barselonadan» utuldy.

79 ýaşly telekeçi Florentino Peres 2000–2006-njy ýyllar aralygynda Madridiň «Real» klubynyň prezidenti bolup işledi, 2009-njy ýyldan bäri bolsa bu wezipesini üznüksiz dowam etdirip gelýär.

Onuň ýolbaşçylygynda «Real Madrid» Ispaniýanyň çempionatynda ýedi gezek ýeňiji boldy hem-de Çempionlar ligasynyň kubogyny ýedi gezek gazandy.

Saýlawlarda ýeňiş gazanan ýagdaýynda Peres klubyň baş tälimçisi wezipesine Žoze Mourinýony bellemek hem-de azyndan 150 million ýewro bahalandyrylýan täze futbolçyny satyn almak niýetiniň bardygyny mälim edipdi.