Turkmenportal logo
Şu gün 10:08
15301530
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýaly režissýor kinonyň täze görnüşiniň dörejekdigini çak edýär
Surat: gazeta.ru

Russiýaly kinorežissýor Sarik Andresýan kinonyň geljekde täze görnüşi dörär diýip pikir edýär. Ol bu barada Sankt-Peterburgda geçen halkara ykdysady forumda kino sungatyna bagyşlanan mejlisleriň biridne aýtdy diýip, «Super» neşiri habar berdi.

Andresýanyň pikirine görä, ýakyn geljekde tehnologiýalar tomaşaçylara özlerini filmiň içinde, gahrymanlaryň arasynda ýaly duýmaga mümkinçilik berer. Rus kinoçysy bu täzeligiň günbatar ýurtlarda peýda boljakdygyny çaklaýar. Ol «Awatar» atly filmi bilen kino sungatynda düýpli özgerişlik döreden amerikan kinoçysy Jeýms Kemerony ýatlady.

«Ýene täze bir Kemeron peýda bolar hem-de Günbatarda bir ýerde kino senagatyny düýpli özgerder. Bizem oňa eýermeli bolarys» diýip, Andresýan nygtady.