Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 78 million 656 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar.
Şeýle hem, BAE-niň, Türkiýäniň telekeçilerine dokma önümleri, buýan köküniň goýy ekstrakty, pagta ýagy, bugdaý uny ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 325 million 945 müň manatdan gowrak bolan bugdaý ununy, pagta ýagyny, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, pagta süýümini, nah matany, nah ýüplügi, jins matasyny satyn aldylar.