Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda ýurduň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik dördünji gezek guraldy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan bäsleşigiň I tapgyryna Türkmenistandan hem-de Azerbaýjandan, Bangladeşden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Rumyniýadan, Russiýadan, Türkiýeden 150-ä golaý iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Netijede, onuň II tapgyryna 45 sany ylmy taslama gatnaşdyryldy.
Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça 28 ylmy taslamanyň awtory ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň 8-si daşary ýurtlaryň, 20-si Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işleridir. Netijede, birinji orna 5, ikinji orna 9, üçünji orna 14 ylmy taslama mynasyp boldy. Şeýle-de 14 talyba höweslendiriji baýrak gowşuryldy.
1-nji orna mynasyp bolan taslama işleri balary maşgalalarynyň biologik işjeňligi esasynda energoüpjünçilik ulgamyny taslamalaşdyrmak, alyç bilen ýandagy peýdalanyp, ýürek-damar keselleriniň käbir görnüşlerini bejermegiň tehnologiýasy, suw geçiriji akabalarda suw syzylmalaryna garşy ýerli gurluşyk materiallaryny ulanmak, beýi ýapragynyň hem-de onuň demlemesiniň melhemlik häsiýetleri, Garagum derýasynyň, şor suw akabalarynyň ugry boýunça innowasion tehnologiýaly gök önümçilik zolagyny döretmek ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr.
Baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Belarus Döwlet oba hojalyk akademiýasynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, «W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti» federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň wekilleri bar.