Turkmenportal logo
Şu gün 10:26
21992199
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp Masky "geniý" diýip atlandyrdy we ýene dostlaşandyklaryny habar berdi
Surat: vfokuse.mail.ru

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň Wiskonsin ştatynyň Çippewa-Folls diýen ýerinde oba hojalygyna bagyşlanan çärede eden çykyşynda millarder Ilon Mask bilen dostlugynyň dikelendigini habar berdi. Amerikan lideriniň çykyşyny «Fox News» teleýaýlymy göni görkezdi diýip, «rg.ru» habar berdi.

«Onsoňam, bilýäňizmi näme, Ilon, onuň bilen aramyzda gelşiksizräk ýagdaýam boldy, emma ol ýene meniň dostum. Hawa, Ilon bilen düşünişmezligimiz boldy. Ol 80 göterim genial adam, 20 göterim kemçiligi bar. Emma men elektrik ulaglaryny gowy görýän» diýip, Tramp aýtdy.

Tramp bilen Maskyň arasynda gapma-garşylyk 2025-nji ýylyň iýun aýynyň başynda, milliarder Federal hökümetiň  işiniň täsirliligini ýokarlandyrmak boýunça edaranyň (DOGE) başlygy wezipesinden gidende döredi. Ol ilki Trampyň federal býujet barada kanun taslamasyny amerikan ykdysadyýeti üçin howp hökmünde tankytlady, soňlugy bilen Ak tamyň başlygyny saýlawlardan öňki ýaryşda kömegi üçin gadyrbilmezlikde aýyplady. Mundan soňra Tramp Masky döwlet goldawyndan hem işewürlik geleşiklerden mahrum etjekdigi barada haýbat atdy. Şundan soňra işewür köşeşdi, duýga berlendigi üçin ökünýändigini sosial sahypasynda ýazdy.